Täze ruhly nesiller

27 Oktýabr 2022
1069

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýaşlaryň durmuşynda ýene-de bir ýatdan  çykmajak taryhy waka bolup geçdi. Şol gün paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiziň hut özi gatnaşdy. Gurultaýda hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. 

Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bagtyýarlygy, olaryň kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly hukuk şertleri döredilýär. «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde hem ýaş nesilleriň ähli babatdaky hukuk goraglylygyny üpjün edýän kadalar göz öňünde tutulandyr.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar