Täsinlikler dünýäsinde

22 Iýun 2022
1515

Ummany ýüzen goja

Ýaponiýaly 83 ýaşly goja dünýäniň iň uly — Ýuwaş ummanyny ýelkenli gaýykda ýeke özi ýüzüp geçip, taryhy rekordy goýdy. Şeýlelikde, ol bu ummany ýelkenli gaýykda syýahat eden iň ýaşuly syýahatçy boldy. Keniçi Horie diýlip atlandyrylýan ýaşuly syýahatçy Ýaponiýada iň ezber deňizçileriň biri hökmünde tanalýar. Ýaşuly ömrüniň bütin dowamynda şular ýaly töwekgelçilikli syýahatlaryň birnäçesini amala aşyrypdyr. Has takygy, ol 23 ýaşyndaka dünýäniň iň uly ummanyny bir özi ýelkenli gaýykda ýüzüp geçipdir. Bu gezekki syýahatynda ol öz ýelkenli gaýygy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San-Fransisko portundan 27-nji martda umman ýoluna rowana bolupdyr hem-de Ýaponiýanyň günbataryndaky kenara 94 günden soň ýetipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar