Täsinlikler äleminde

15 Iýun 2022
1427

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde daşky gurşawyň abadançylygynyň hatyrasyna täze düzgünleri ornaşdyrýarlar. Tomsuň yssy günleri adam bedeni köp mukdardaky suwy sarp edýär. Suwuň köp sarp edilmegi bolsa, söwda nokatlarynda satylýan dürli içgili plastik gaplaryň köp ulanylmagyna getirýär. Munuň öňüni almak üçin ýerli hökümet edaralary adamlara köp gezeklik ulanylýan suw gaplaryny ulanmagy maslahat berýär. Suw üçin ýörite gabyň göterilmegi bilen, ony şäheriň dürli ýerlerinde ornaşdyrylan suw terminallary arkaly doldurmak bolar. Bu suw terminallarynyň aýratynlygy bolsa, ol suwy howadan öndürýär. Özem, bu suw adam bedeni üçin ähli arassaçylyk kadalaryna laýyk gelýär. Häzirki wagtda bu işi köpçülikleýin ornaşdyrmak üçin Dubaý şäherinde uly işler edilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar