Baýramlar seresi

28 Aprel 2022
1508

Bir akyldaryň: «Remezan aýy sogap sährasynda gögeren bir äpet daragt mysalydyr. Onuň her şahasy, her ýapragy, barly miwesi — sogapdan ýasalandyr. Birini ýolsaň, ýerine onusy dörär» diýmegi Oraza aýynyň sogaplarynyň soňsuzdygynyň güwäsidir.

Remezanyň Arşdan Zemine sogap nury ýagýan gijesi — Gadyr gijesi külli musulmanyň durmuşynyň mübärek pursatlarydyr. Çünki bu gije müň aýdan haýyrly saýylýar. Allatagalanyň Gurhany inderen gijesinde uklaman, ýagşy dilegler edip oturmagyň özi-de ynsanlaryň kalbyna nur çaýýar. Bu gijede berjaý edilen ybadatyň, haýyr-sahawatyň sogaby beýleki müň aýyň dowamynda edilen ybadatlaryň, haýyr-sahawatlaryň sogabyndan üstündir. Şonuň üçinem her bir ynsan ýakynlarynyň, il-günüň, Watanyň abadanlygynda iň ýagşy günleriň ýaran bolmagyny dileg edýär.

Aşiraman ROZYÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar