Remezanyň Arşdan Zemine sogap nury ýagýan gijesi ‒‒ Gadyr gijesi külli musulmanyň durmuşynyň mübärek pursatlarydyr. Allatagalanyň Kurany inderen, müň aýdan haýyrly saýylýan Gadyr gijesinde uklaman, ýagşy dilegler edip oturmagyň özi-de ynsanlaryň kalbyna nur çaýýar, birek-birege mähribanlaşdyrýar. Bu gijede berjaý edilen ybadatyň, haýyr-sahawatyň sogaby beýleki müň aýyň dowamynda edilen ybadatlaryň, haýyr-sahawatlaryň sogabyndan üstündir. Şonuň üçinem her bir ynsan ýakynlarynyň, il-günüň, Watanyň abadanlygynda iň ýagşy günleriň ýaran bolmagyny dileg edýär.
Magtymguly Atamyzyň: «Bir ýagşylyk kylar bolsaň, imanyňa sogap bolar» diýşi ýaly, ähli musulman ymmatynyň tutýan orazalary, eden haýyr işleri, mübärek Gadyr gijesinde etjek doga-dilegleri Hak dergähinde kabul bolsun!