Döwletli döwranyň eýesi

14 Aprel 2022
1628

Halkymyzda täze dünýä inen bäbejigi, täze gelni, uzak ýaşly adamy ýüze sylmak däbi bar. Ol adam ömrüniň ganatly arzuwlary bilen baglanyşdyrylýar, döwletlilik hasaplanylýar.

On bir çagany kemala getirip, 66 agtygyna, 102 çowlugyna guwanýan, iki ýuwlugy Mährijemaljyk bilen Allanuryň elinden suw içen, 94 ýaşy arka atan, döwletli ojagyň eýesi Nurjemal enäni hem köpler baryp, ýüzüne sylyp gaýdýar. Ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «Gyzyltakyr» daýhan birleşiginde ýaşaýar.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA.
Beýleki habarlar