Dünýä täzelikleri

6 Aprel 2022
2235

Abraýly sergitamamlandy

31-nji martda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EXPO-2020» sergisi öz işini tamamlady. Geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan sergä 192 ýurt öz pawilýonlary bilen gatnaşdy. Türkmenistanyň milli pawilýonyna gelen myhmanlaryň sany 625 müň adamdan gowrak bolup, her günde gelip-gidýän adamlaryň sany 3500-e golaý boldy. Bütindünýä gözden geçirişiň ahyrky gününde iň gowy sergi pawilýonlaryna dürli ugurlarda baýraklar gowşuryldy. «EXPO» dünýä sergisiniň indikisi 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. Ony guraýjylar nobatdaky dünýä sergisiniň resmi nyşanyny we tumaryny ýakynda tanyşdyrdylar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar