Söýüň eneleri!

15 Mart 2022
1477

Endigime görä, işe ugramak üçin ulagymy otladym. Biraz gyzýança-da maşynymyň radiosyny açyp, aýnalaryny süpürişdirip başladym. Radiodan gelýän «Garrasak biz garraly, sen garrama, eje jan» aýdymyň owazy säheriň howasynda has üýtgeşik eşidildi. Saza hereketimi, aýdyma sesimi goşup, hiňlenjiräp durşuma okuwa gitmek üçin taýyn bolup gelen oglumyň daşymdan synlap ýylgyryp duranyny hem görmändirin. Özümi hernäçe şadyýan alyp barjak bolsam-da, içimdäki düşnüksiz müýnli duýgy aýrylyberenokdy. Şeýle ýagdaýda oglumyň adaty sowaly maňa birhili ýakymsyz eşidildi: «Kaka, aýdym aýdýaňm-aý?» Göwnüme, oglumyň ýylgyryşynda-da ýaňsy bar ýaly duýuldy. Şol pursat içimde bir ses: «Ejeň garraman nirä gitsin, sähel zada gatyrganan bolup, öýke donuňy egniňe ters atyp, ýüzüňi turşadyp ýören özüň ýaly dargursak ogly barka» diýen ýaly boldy. Bu «ses» maňa juda ýakymsyz duýuldy. Düşnüksiz duýgulara gaplanyp, iş ýerime bardym. Şol gün işläp hem mazam bolmady. Içimde düşnüksiz bir duýgy keýpimi şol bozdy durdy. Aňymda bolsa, irdenki aýdymyň gaýtalanyp durşuna, göz öňüme ejemdir kakamyň keşbi janlandy durdy.

Ýogsa-da, ejem bilen soňky gezek haçan ýürekden söhbet edip çaýlaşdymkam?! Kakama-da her gün irden endigime görä salam berýän diýäýmesem, şu çakda onuň bilen hem söhbet edenim ýadyma düşenok. Soňky döwür öz çagalarym ýetişip ugranyndanmy ýa-da akyl käsämiň azda-kände goýalýanyndanmy, ejemdir kakamyň aladasyny has köp edýän boldum. Göwnüme bolmasa, ejem birden garraýan ýaly, alyn saçynyň agy artyp, maňlaý gasynlary çuňlaşan dek duýuldy. Ýok zatlar göwnüme gelip, ýüregim jigläp gitdi.

Bibihatyja POPYÝEWA,
Murgap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar