Mähriban ene

8 Mart 2022
1933

Göräýmäge, eneler barada ähli ajaýyp sözler aýdylan ýaly. Enäni wasp etmek üçin beýik şahsyýetlerden başlap, ýönekeý raýatlara çenli iň ýagşy, iň mährem, iň şirin sözlerini gaýgyrmady. Şonda-da enäniň tarypy, edil akabasy togtamaýan bulak ýaly, hiç wagt egsilmeýär. Şu jümle hakydamda galypdyr: enelik — munuň özi dynç almaga, zähmet rugsadyna çykmaga we ýalňyşlyk goýbermäge asla hukugy bolmadyk adamyň agyr zähmetidir. Bu pikir bilen ylalaşsaňyz gerek. Ene bolmak — jogapkärçilik, borç we beýik söýgi. Ene bolmak — ýazgyt.

«Ýerini çalşyp bolmaýan adam ýok» diýen jümläni köp eşidensiňiz. Ýöne bu aýtgy enelere asla dahylly däldir. Enäniň öz perzendiniň durmuşynda eýeleýän orny juda ýokarydyr, edil şonuň ýaly perzent hem öz enesiniň durmuşynda uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «...enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýen sözlerinde durmuş hakykaty bar.

Oraz ABDYÝEW.
Beýleki habarlar