Eneligiň peşgeşi

7 Mart 2022
1811

Saryýagyzdan ýylmanak ýüzli, sadadan mähirli zenanyň içki dünýäsiniň gözelligini kindiwanja gurjaklara geçirip, olara «janly görnüş berşiniň» men-ä şindem haýrany. Dünýäde her kimiň bir zadyň kül-külünde ýaşaýandygy çyn. Duýgy-düşünjeleriň parhly bolşy ýaly, güýmenjedir gyzyklanmalaram dürli-dürli. Käte-hä uzak ýyllaryň tejribesi, käte-de daş ýarýan zehin başda gyzyklanma ýa güýmenje hökmünde baş goşulan döredijilik işini tas sungat derejesine ýetiräýýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy Gülälek Babakulowa hem şeýle döredijilik ýoluny geçen zenan. Hünärli elleriniň gurjaga «jan» berşiniň hikmeti hakynda orta atan sowalyma onuň beren jogaby meniň bu işiň döreýşine gyzyklanmamy has-da artdyrdy. Gülälek mugallym bu döredijilik ussatlygynyň döreýiş taryhyny bir jümlede jemläp: «Bu maňa eneligiň peşgeşi» diýdi-de, keşbine ýaraşyk berýän mylaýym ýylgyryş bilen nazaryny iş otagynyň bir nokadynda egledi. Bu jümle gurjaklar bilen «öz dilinde gürleşýän» çeper elli mugallymyň hakydasyna onlarça ýyllaryň ýatlamasyny dolady...

— Perzende uzak garaşyp gözümiň düşenindenmi ýa eneligiň kalbyma has üýtgeşik duýgulary bagyşlanyndanmy, bilmedim, gyzym Aýlar jan dünýä inensoň, bir hili gurjaklara imrinmäm artdy. Çagalykda gurjakgoş oýnamadygymyz ýokdur. Şol wagtlarda kiçijik gyzjagazlar enaýyja gurjaklary hopba edip, ejelerinden gören hereketlerini gaýtalap, bäbejigi ýatyrýarlar, naharlaýarlar, suwa düşürýärler. Gerek bolsa garagol hereketleri üçin käýinjireýärler.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar