Mukaddes ynsan

6 Mart 2022
1932

Ene! Şu sözden ýakymly söz barmyka?! Megerem ýokdur. Halkymyz ulyny sylamak, hormatlamak, kiçini söýmek ýaly ýörelgelere uly ähmiýet berýär. Bu ýörelge özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Jemgyýetiň jebisligi maşgaladan başlanýar. Maşgalada perzende berilýän terbiýe bolsa eneden başlanýar. Şunda enä bolan çäksiz söýgini näçe beýan etseň hem bärden gaýdýar.

«Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýen pähim hemmämize mälimdir. Maşgalada enäniň tutýan orny belentdedir. Onuň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewleriniň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan, giň dünýägaraýyşly, belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän kämil nesiller kemala gelýär.

Bägül BAÝGELDIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar