Asylly terbiýäniň gözbaşy

22 Fewral 2022
1792

Bilim we okatmagyň kemala geliş taryhy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Ähli ylmy ugurlaryň we nazaryýetleriň ýüze çykmagy durmuş bilen baglanyşykly bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym-bilimiň ösen merkezine öwrülen şäherlerimizde ýaşap, ylmy-döredijilik işi bilen meşgul bolan belli alym-ulamalaryň, pir-danyşmentleriň öwüt-ündewini almaga, olaryň huzuryna şägirtlige durmaga höwesliler suwuň akyşy deýin üznüksiz geler durar eken. Munuň üçin olar uzak ýollary söküp, ýurt aşyp gelipdirler» diýip belleýär.

Medeni-ruhy islegleriň içinde aňly-düşünjeli nesli ýetişdirmek wezipesi esasy orunlaryň birini eýeleýär. Mugallymçylyk ýaşlary terbiýelemegiň, okatmagyň we bilim bermegiň kanunalaýyklyklaryny öwrenmekdir we onuň esasynda usulyýet tejribäni baýlaşdyrmakdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda dürli pedagogik ulgamlar döredilip, wagtyň geçmegi bilen täzelenip, olaryň arasyndan iň ähmiýetlisi, adamzada zerurlary saýlanyp galdy.

Oguljuma AKMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar