Terbiýe — ynsan kalbynyň bezegi

20 Fewral 2022
1897

Dünýädäki iň gözel barlyk adamdyr. Onuň bezegi edep-terbiýesidir. Asylly ýörelgeleri ýöredýän halkymyz maşgalada terbiýelenen her bir perzendiň watansöýüji, maksadaokgunly bolup ýetişmegi üçin yhlasyny gaýgyrmaýar. Elbetde, adamyň daşky keşbini bezeýän zat onuň edep-terbiýesidir. Emma adamyň käbir häsiýetleri onuň daşky dünýäsine-de täsirini ýetirýär.

Türkmen halky edep-terbiýä aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem bu babatda asylly ýörelgeleri döredipdirler. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin olara parasatly sözleri, nakyllary öwredipdirler. Edep-terbiýe baradaky nakyllar, ündewler ýaşlarda watansöýüjiligi, ula hormat goýmagy öwredýär. Şeýle hem nakyllar ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrýar. Munuň özi çaga terbiýesinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Gülälek MEREDOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar