Küýsänim — käbäm

8 Fewral 2022
1678

Ene — mährem dünýä. Şol ajaýyp dünýäde söýgi bilen hamraklyk höküm sürýär. Ene bolanyňdan soň dünýäniň manysy has-da artyp, bagt diýilýän zadyň nämedigine düşünip başlaýarsyň. Öz janyňdan jan berip, ýagty dünýä inderen perzendiň bir enaýyja ýüzüne seredip sözlemese-de oňa sözsüz düşünip oturansyň. Bir söz bilen aýtsak enelik duýgusy «Bagry badaşmak» duýgusydyr.

Ene höwesläp ýeten balasyny ese-boýa galdyrmak üçin edilýän irginsiz yhlasy, ukusyz gijeleri başdan geçirýär. «Eje» diýilýän mährem sözi eşidýänçä balasynyň daşynda perwaz urýan ene şol sözi eşidenden soň bar çeken azabyny unudýar. Yhlasy ýerine düşenden soň ol hakyky şatlyga duçar bolýar. Gudrata, keramata deňelýän enelik söýgüsiniň güýji hem şonda bolsa gerek. Çagalyk döwrüm alyslarda galan-da bolsa bu gün käbämiň til kakyp: «Gyzym, sag-gurgun otyrmyň?!» diýen sesine başym göge ýetýär. Şonda oňa: «Mähribanym salamälik, bu gün menden öňürtdiň käbäm! Jaň edeýin diýip otyrdym» diýip, begenjimi beýan edýärin. Şol pursat şahyryň şu setirlerini gaýtalanymy duýman galýaryn:

Ýazgül ANNAÝEWA.
Beýleki habarlar