Iň beýik bina

4 Ýanwar 2022
2648

Dünýädäki iň beýik, adatça «gök dirän» diýlip atlandyrylýan bina Burj-Halifa binasy hasaplanylýar. Ol dünýädäki iň beýik bina adyna eýe bolup, häzirki güne çenli bu derejesini saklap gelýär. Birleşen Arap Emirliklerindäki iri şäher bolan Dubaýda ýerleşýän bu binanyň beýikligi 828 metr bolup, ol 163 gatdan ybaratdyr. Onuň gurluşygyna 2004-nji ýylda başlanypdyr. Gurluşygy 6 ýyllap dowam eden bina 2010-njy ýylda ulanmaga berlipdir.

Arapça «Burj» diýmek — «diň» diýmegi aňladýar. Ilkibaşda gök dirän bina Burj Dubaý diýlip atlandyrylypdyr. Iň soňky pursatda bolsa, bina BAE-niň Prezidentiniň, Abu-Dabiniň emiriniň adyny bermek kararyna gelnipdir. «Halifa» bu taryhy şahsyýetiň derejesi däl-de, öz hakyky adydyr.

Taýýarlan Jeýhun EZIZBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar