Çaga edebi eziz

17 Dekabr 2021
2136

Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli, ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek we milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen, talyp ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaşuly nesliň, lukmanlaryň gatnaşmagynda «Çaga eziz — edebi ondanam eziz» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýerine ýetirmeginde gelin-gyzlarymyza bagyşlanan aýdymlaryň ýaňlanmagy çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Annanabat HOJAMÄMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar