Ba­la­la­ryň sö­ýe­ni, ene­le­riň ge­re­gi

2 Dekabr 2021
2577

Ene gujagyna meňzedilýän sallançagyň döreýiş taryhy gadymy döwürlere uzaýar. Ol bäbekleriň rahat uklamagy üçin oýlanyp tapylandyr. Ilki-ilkiler balasyny ýatyrmak islän ene ony gujagynda ikibaka yralapdyr. Iki aýagyň üstünde ýassyk goýup, çagajygy yralap ýatyrma endigi-de şondan gözbaş alyp gaýdýar. Aslynda şol wagtlar çagany rahatlandyrmak üçin şuňa meňzeş dürli usullara ýüzlenilipdir. Bu gündogar halklaryna mahsus häsiýet. Mysal üçin, koreý, hytaý, ýapon zenanlary çagany mata bilen arkasyna daňyp, ikiýana yranmak arkaly ýatyrypdyrlar. Şol bir wagtda olar ýöräp ýören ýerlerinden öý işleri bilen meşgullanypdyrlar. Netijede bir wagtda iki işi ýerine ýetiripdirler.

Irki döwürler sallançaklar öýde iki tarapa ýüpli çekilen matalardan ýasalypdyr. Soňra oňa ýörite ýüp bilen bag edilip, ony çekmek arkaly üwrelipdir. Bagly sallançaklar gündogar halklarynda has köp ulanylypdyr. Ýewropada olara derek ýokardan ýa-da diwarda kakylan uzyn taýakdan asylyp goýulýan sallançaklar ulanylypdyr. Sebede meňzeş bu sallançaklar gül bogdajygyny ýada salyp, ýumşak howa geçýän perde bilen örtülipdir. Çagany mör-möjekleriň bimaza etmezligi üçin perdäniň ähmiýeti uly bolupdyr.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar