Güýz ýapraklaryndan şekiljikler

22 Noýabr 2021
2478

Eziz çagalar, altyn güýzüň gelmegi bilen «ýaşyl donly» agaçlaryň ýapraklary ilki tyllaýy öwüşgin alyp, soňra-da altyn-sary reňke boýalyp, ýere dökülmäge başlaýar. Dökülen ýapraklaryň üýşmekleri bolsa sähel şemala ygşyldaşyp, baglaryň düýbünde ýatandyr.

Asmana uçjak-uçjak bolup ýatan sary ýelek ýaly ýapraklaryň içinde owadanlaryny saýlap, ýörite şekiljikleri ýasamaklygyň çagalar üçin aýratyn gyzygy bar.

«Güneş».
Beýleki habarlar