Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy iş­jeň­leş­ýär

8 Oktýabr 2021
2676

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (UNW­TO) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, san­jym­la­ryň art­ma­gy we kä­bir ýurt­lar­da çäk­len­dir­me­le­riň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, 2021-nji ýy­lyň iýun-iýul aý­la­ryn­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy tä­ze­den iş­jeň­le­şip baş­la­dy.
2021-nji ýy­lyň iýu­lyn­da tak­my­nan 54 mil­li­on sy­ýa­hat­çy da­şa­ry ýur­da sy­ýa­hat et­di. Bu örän go­wy ne­ti­je bol­dy. Gu­ra­ma­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, kä­bir ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk gir­de­ji­le­ri hem ýo­kar­lan­dy we hat­da 2019-njy ýyldaky de­re­je­si­ne ýet­di. My­sal üçin, Mek­si­ka 2021-nji ýy­lyň iýu­lyn­da da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan 2% köp gir­de­ji al­dy.
Gu­ra­ma­nyň hü­när­men­le­ri hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň 2024-nji ýyl­da pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky de­re­je­si­ne gaý­dyp gel­jek­di­gi­ni belleýärler. Bu ugur­da­ky ösü­şiň 2022-nji ýyl­dan baş­lap du­ýul­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Ata­bek HU­DA­ÝA­ROW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.

Beýleki habarlar