Meniň arzuwym

23 Iýul 2021
2666

Çagalar bagyna gatnaýan wagtlarym mekdebe okuwa gitmäge howlugýardym. Şol döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biz — çagalar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi barada käbir deň-duşlarymyň täsirli gürrüňlerini diňläp, ol ýerde dynç almagy arzuw edýärdim. Bu arzuwym 2016-njy ýylda hasyl boldy. Kakam, ejem hem-de jigilerim Suraý, Perhat dagy bilen ýolagçy otlusyna münen günüm häzir hem ýadymda. Çünki men şonda ilkinji gezek ýolagçy otlusyna münüpdim. Ýolugra Aşgabatda düşüp, garyndaşlarymyzyň öýünde myhman bolmalydyk. Paýtagtymyz gözel Aşgabady görjegime begenýärdim.

Biz irden otludan düşdük. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aşgabat şäheri şeýle bir owadandy. Men köçeleri, ýollary, ak mermerli köp gatly binalary görüp haýran galdym. Biziň uzyn günki gezelenjimiz örän gyzykly hem täsirli boldy. Şol pursatda terbiýeçimiziň öwreden:

Mähri ÝAKUBOWA,
Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar