Tehnologiýa we syýahatçylyk

16 Iýul 2021
3142

Soňky onýyllyklarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) hem metbugatyň ösüşi syýahatçylyk ulgamyna ýokary derejede täsirini ýetirdi. Sebäbi tehnologiýa bilen syýahatçylygyň arasyndaky soňky döwürde has berkeýän baglanyşyk bu pudagyň tebigatyna, ykdysady düzümine degişli düşünjeleriň üýtgemegine getirdi.

Syýahatçylykda we myhmanhana hyzmatlarynda MKT-leriň netijeli, ýokary tizlikli infrastrukturasy, goşundylaryň programma üpjünçiligi möhüm orna eýedir. Syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary iş ýerlerinde işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly, hususan-da, onlaýn arkaly öňünden bellemek ýaly birnäçe meseläni çözmekde degişli tehnologiýalardan peýdalanýarlar.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dünýä ykdysadyýeti hünäriniň talyby
Beýleki habarlar