Çaga eziz, edebi ondan hem eziz

7 Iýun 2021
1856

Halkymyzda çagalary maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň, jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz  «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähimi döredipdirler. Ýaş nesillerimizi terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny we maşgala gymmatlyklaryny döreden halkymyz bu meselä örän çynlakaý çemeleşipdir. Halallyga, ynsanperwerlige gol berýän dana pederlerimiz öz perzentlerine doglan gününden başlap gowy endikleri ündäp başlapdyrlar. Çaganyň gowy hereketlerini goldap, berekellasyny ýetirmek, ýaramaz endikleriniň netijesini düşündirip, dogry ýola gönükdirmek halkymyzyň terbiýe mekdebiniň esasy maksatlarynyň biridir.

Sähragül ISGENDEROWA,
Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar