Bahar göwünli käbäm

29 Mart 2021
2069

Goja Zemine ýaz gelende, meýdan gül-pürçüge beslenýär. Bahar paslynyň enelere meňzedilmegi ýöne ýerden däl. Bahara eneleriň mylaýymlygy, gözelligi, mähri siňen. Bary-ýogy bir pasyllyk döwürde dünýäni ala-ýaz edip, gül-güläleklige, gözellige büräp, gözleriňde hemişelik galýan bahar mydama küýsegli. Ol edil ene ýaly, özüni küýsedýär. Ýaşaýşyň ýaraşygy bolan bahar ot-çöplere jan berýän bolsa, ene öz çagasyna janyndan jan berýär. Bahar — özüniň tebigy güýji bilen gök maýsalygy döredýän bolsa, ene perzentleriniň on iki süňňüniň sagat, akylly-başly, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi üçin elinde baryny gaýgyrmaýar. Bahar — mymykdan mylaýym ýelleri bilen ösümlikleri, baglary beýiklige sary ugrukdyrýan bolsa, mähriban ene çagalaryna paýhaslylygy ündäp, olary aklyga sary, dogry ýola gönükdirýär.

Hawa, daşdan seleňläp görünýän dag gerişleriniň her ýerlerinde gar görünse-de, eýýäm, howa maýlap, älem-jahan ukudan oýandy. Käbäm bilen ýazlaga gidenimizde, gatyja örülen goşa örüm saçlaryma meýdan güllerinden gysdyryp, meni bezärdi. Ýaz paslynyň gelmegi bilen baýyrlar ýaşyl dona bürenip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolardy. Şeýle bir owadan güller açylýar welin, giň jahan olaryň ysyndan ýaňa burk urup durandyr. Ol ysy, megerem, hiç ýerden tapyp bolmasa gerek. Bu ajap pursady synlap durşuma, göwün guşum ejem janyň ýanyna telwaslady.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar