Döwrebap bilim ulgamy

11 Mart 2021
1051

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bu ulgamda düýpli we toplumlaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we onuň hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda bilim berlişiň hil derejesi halkara ülňülerine laýyk getirildi. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagy uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň dünýä derejesinde täze gazananlaryna uly orun bermegi, onuň ylym-bilim syýasatyny dabaralandyrýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar