Sanly bilim: guwandyryjy netijeler

3 Mart 2021
1027

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Bilim ösüşleriň sakasydyr. Häzirki wagtda her bir döwletiň ösüşi, halkara abraýy, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaşlaryna berilýän bilimiň hili we derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamzadyň durmuş ýoluny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki taryhdan şu güne çenli durmuşymyzda gazanylýan ösüşleriň we ýetilýän sepgitleriň ählisiniň binýadynda kämil ylym-bilim durandyr.

Selbi GURBANOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar