Çörek mukaddesligi

24 Fewral 2021
1322

Saçakdaky çöregi almak üçin birden iki adam elini uzatsa, öýüňe myhman gelýändiginiň alamaty saýylýar. Çörek owuntygyny ýere gaçyrsaň günä. Çöregi hormatlap, maňlaýyňa sylmak halkymyzyň adatyna öwrülipdir.... Asyrlaryň dowamynda emele gelen şuňa meňzeş ynançlaryň ýüzlerçesi milletimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň örän baýdygyny, şonuň bilen birlikde bu düşünjeleriň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Ýakynda çörek mukaddesligine bagyşlap geçiren söhbetdeşligimizde bu barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň täsiri bilen şu setirleri ýazmaga girişdim. Maşgala we çaga terbiýesinde çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelgämiz dowam edýär. Bu ýörelge ruhuňa täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçirip gelýär. Parasatly sözlerde çöregiň mukaddesligi durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol kalbyňa berk köküni urýar. Öýüňe gelen myhmana hem ilkinji hödür çörekden başlanýar. «Ýolda ýoldaşyň bolsun!» diýip, eneler perzentlerini ýola salanlarynda hem ýany bilen çörek berip goýberýärler. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde hem çörek mukaddesliginiň has ýokary tutulýan pursatlary köp duş gelýär.

Rozyhal ŞÜKÜROWA,
Farap etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar