Neşir önümleriniň täsin dünýäsi

22 Fewral 2021
2543

Döwrebap metbugat öýi

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň edara binasy paýtagtymyzyň gözel binalarynyň biri. 4 gatly edara binasy 2 lift bilen üpjün edilen. Binanyň birinji gatynda işgärler üçin döwrebap enjamlaşdyrylan iş otaglary, tehniki we kömekçi jaýlar ýerleşýär. Binanyň 2-nji we 3-nji gatlary gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, 4-nji gaty bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işgärleri üçin niýetlenendir. Ähli iş otaglary döwrebap oňaýly mebeller we dünýäniň iň soňky gazanan ýokary hilli kompýuterleri bilen üpjün edilendir. Binanyň 3-nji gatynda neşir önümleriniň muzeýi hem ýerleşýär. Binanyň çäginde ýeňil awtoulaglar üçin niýetlenen 40 orunlyk, ýük ulaglar üçin niýetlenen 40 orunlyk üsti ýapyk duralgalar bar. Şeýle hem, desganyň içinde bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin ýörite naharhana hem ýerleşýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar