Kämilligiň gözbaşy

10 Fewral 2021
1122

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, şertleriň döredilen ýurdudyr. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu günki gün ýurdumyzda bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna çykýar. Döwlet tarapyndan orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda zerur çäreler görülýär. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň çagalar baglarydyr orta mekdeplerinde dünýäniň ösen multimediýa enjamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bagtyýar nesillerimiziň dünýä hil ülňülerine laýyklykda bilim almaklaryna uly itergi berýär. Şeýle bolansoň, bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijesi bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterjek, ösüşlerine mynasyp goşandyny goşjak nesiller kemala gelýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler bizi — terbiýeçileri çäksiz buýsandyrýar. Geljekde hem körpe nesle bilim-terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Maral AMANOWA,
Serdar şäherindäki 16-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar