Çaga terbiýesi we ertekiler

9 Fewral 2021
3342

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalaryň terbiýesi bilen bagly işleri netijeli guramakda türkmen halk döredijilik eserleriniň we goşgularyň ähmiýeti uludyr. Çagalaryň irki ösüş döwründen olaryň dil kämilligini ösdürmek üçin ertekileri gürrüň bermek, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary öwretmek, pikirleniş ukybyny artdyrmak üçin matallary, nakyllary, goşgulary ýat tutdurmak zerurdyr. Rus alymy K.D.Uspenskiý çaganyň aňyna türgenleşik bermek üçin matallaryň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň bardygyny baryp mundan bir asyr öň belläp geçipdir.

Çagalar bagynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda çagalara sanlar bilen hasaplamalary öwredeniňde hem ertekileriň gahrymanlaryndan peýdalanmak mümkindir. Olaryň has täsirli bolmagy üçin multimedia tagtalarynda taýýarlanan prezentasiýalar hem terbiýeçiniň işiniň netijeli bolmagyna täsir edýär. Mysal üçin,

Aýsoltan BAÝLYÝEWA,
Tejen şäherindäki “Akpamyk” atly 5-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar