Çagalaryň irki ösüşinde oýunlaryň ähmiýeti

31 Ýanwar 2021
1748

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Çagalar mekdebe gatnap, bilim dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiz bilimli-terbiýeli çagalary kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi bilim işgärleriniň döredijilikli işlemeklerine, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge oňat ýardam edýär.

Körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanýarys hem-de bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik edýäris.

Akjagül MUHAMMEDOWA,
Akdepe etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy.
Beýleki habarlar