Meşhur köçelere syýahat

18 Ýanwar 2021
2344

«Abbey Road»

«Abbey Road» Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäheriniň iň meşhur köçeleriniň biridir. Onuň esasy meşhurlygy köçäniň günorta-gündogar tarapynda, «Abbey Road 3» salgysynda ýerleşýän adybir aýdym-saz studiýasy bilen baglydyr. «EMI Group» mediakompaniýasyna degişli bolan bu studiýada dünýä belli iňlis aýdym-saz topary bolan «The Beatles» özüniň ençeme meşhur aýdymlaryny ýazgy edipdir. 1970-nji ýylda topar «Abbey Road» atly aýdym albomyny öz muşdaklaryna hödürleýär. Albomyň ýüzünde bolsa «The Beatles» agzalarynyň «Abbey Road» köçesiniň pyýada geçelgesinden ýöräp barýan pursadynda düşürilen fotosurat ýerleşdirilipdir. Hut şol fotosurat hem geçelgäniň dünýäde uly şöhrata eýe bolup, syýahatçylaryň ünsüniň çekilmegine sebäp bolýar. Häli-häzire çenli hem syýahatçylaryň arasynda bu köçäniň pyýada geçelgesinde durup surata düşmek diýseň ýörgünlidir.

Beýleki habarlar