Serimi sämeden söýgi (Oýlanma)

13 Ýanwar 2021
2981

Ol özi hakynda oýlanma ýa-da hekaýa ýazmagymy haýyş ederdi. Dogrusy, şu wagtam hatlarynda çap bolan hekaýalarymyň gahrymanlaryny sanap: «Şolar hakda ýazmak aňsat-da, maňa gezek gelende...» diýip, az-kem öýkesini bildirýär. Wah, ol nireden bilsin?! Ýazmagyň, pozmagyň, ylhamyň nämedigini niçiksi ýol bilen oňa düşündirerin?! Bu-da wagt ýaly düşündirmesi müşgil bir zat-da. Wagtyňam nämedigini hemme bilýändir, ýöne düşündirip biläýmez her kes...

Gulluk tabşyrygynda duran howlymdaky gyşyň ir ertirki sowugyndan ýaňa gyrawlan, bir zatdan göwni galan ýaly başyny aşak egip duran, häzir çalaja pitikläýseň dagy edil şoňa garaşyp duran ýaly, derrew gül ýapraklaryny dökäýjege çalym edýän güller ýene-de meni ünjä batyrdy. Olary salyň üstünde duran söýgime meňzetdim. Sowuk uran elwan güllerden nazarymy sowup bilmän oturyşyma, ýatlamalaryň mähnet tolkunlary meni suw ýaly çalt akyp geçen talyplyk ýyllaryna gaýybana syýahata äkitdi.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.
Beýleki habarlar