Ýag depbesi

12 Ýanwar 2021
1625

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan esbaplaryň biri-de depbedir. Depbe geçmişde türkmen hojalyklarynda giňden ulanylan gaplaryň biri bolup, onda ýag saklanylansoň, oňa «ýag depbesi» hem diýlipdir. Ol küýze görnüşinde, ululy-kiçili, iki gulply bolýar. Agzy hem dyky bilen ýapylýar. Ata-babalarymyz çyryş ösümliginden peýdalanyp, öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan ýag depbesini taýýarlapdyrlar. Çyrşyň köki alnyp, ownuk dogralyp, az mukdarda suw guýlup, ol tä ýelim görnüşine gelýänçä gaýnadylypdyr. Soňra matadan torba tikilip, onuň içine saman ýa-da yzgarly gum doldurylypdyr. Içi doldurylan torbanyň daşyna taýýar çyryş çalynýar. Ol gurandan soň bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar we Gün düşmeýän ýerde guradylýar. Ýelim gowy gurandan soňra, onuň içindäki samandyr gum doldurylan torba aýrylyp, depbäniň has-da berk bolmagy üçin gyzgyn, gaýnap duran ýaga batyrylýar.

Türkmen halkynyň çarwadarçylyk bilen meşgullanýanlary süýt-gatyk önümlerini ýaýyp, saryýag alypdyrlar. Ony bolsa depbede saklapdyrlar. Onda saklanan saryýag zaýalanmandyr. Depbede ýedi ýyl saklanan saryýagyň dermanlyk häsiýeti has-da güýçlenip, kesel bejermekde peýdalanylypdyr. Ýag depbesiniň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýandygy üçin onda saklanýan önüm hem dermanlyk häsiýete eýe bolýar. Çyrşyň dermanlyk häsiýeti, ondan dürli keseller üçin melhem taýýarlanylyşy barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynda giňişleýin beýan edilýär.

Gülşirin ORAZTAGANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar