Baýzy ýüňden basylan keçe

9 Ýanwar 2021
1935

Ylmy barlaga çekilen etnografik gymmatlyklaryň arasynda baýzy ýüň keçe baradaky maglumatlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu keçäni taýýarlamak üçin baýzy ýüň 5 — 7 aýlyk tokludan gyrkylyp alynýar. Goýnuň ýüňi bilen deňeşdirilende gysga bolýandygy sebäpli, ol gyrkylanda, bitewi bir düýrüm ýüňi emele getirmeýär. Şoňa görä-de, baýzy ýüň silkme telpegiň buýralary ýaly seçelenip, saýlanyp durýar. Bu ýüň beýleki ýüňlere görä has ýumşak we ýüpeksow bolýar.

Baýzy ýüňde malyň derisinden bölünip çykyp, ýüňe siňýän ýagyň mukdarynyň az bolmagy onuň ýüňüniň seçelenip, owadan öwüşgin bermegine şert döredýär. Ýokary hilli baýzy ýüňi almak üçin ýylyň başynda doglan toklulary tomsuň ahyrlarynda, ýagny 20-nji awgustdan soň gyrkýarlar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar