Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegi

8 Ýanwar 2021
1559

Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Bu dabarada Aşgabat şäherinden ýeňiji bolan ýaş zehinleriň 19-syna ýörite Şahadatnama hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Düýn bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlary boýunça Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýraga ýurdumyzda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen zehinli çagalaryň jemi 64-si hem-de iki sany çagalar döredijilik topary mynasyp boldy.

Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar