Asyra ulaşan ömür

6 Ýanwar 2021
2289

YKBALYŇ PEŞGEŞI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri öz durmuşlarynda täzeçe özgertmeleriň, belent ösüşleriň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň her bir raýatyna bagt peşgeşini eçilýär. Daş-töweregimizi gurşap alan gowulyklaryň üsti düýpli täzeleniş bilen ýetirilýär. Munuň özi ynsan kalbynda şu günüňe şükranalyk, ertirki günüňe belent ynam duýgularyny has-da güýçlendirýär, ömürlere ömür goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu gün ülkämiz sagdyn durmuşy başdan geçirýär. Adamlaryň saglygy, bagtyýar ýaşaýşy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan ömrüniň dowamlylygyna uly täsirini ýetirýär.

Söýün HALLYÝEW,
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Derýalyk» önümçilik edarasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar