Gözellik dessany — türkmen halysy

6 Ýanwar 2021
1809

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň bagtyýarlyk ýoly bilen öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar, Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy barha belentliklere sary barýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýetimiz, sungatymyz, medeni-taryhy mirasymyz, däp-dessurlarymyz ösdürilýär we giňden wagyz edilýär. Milli medeniýetimizi aýawly saklamak, goramak we geljekki nesillere ýetirmek, milli mirasymyzyň gymmatlydygyny, gadymy taryhy ähmiýetlidigini bütin dünýä açyp görkezmek ugrunda BMG bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň taryhy medeni ýadygärlikler toplumynyň BMG-niň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baky Bitaraplygymyzyň miwesidir. Haly sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy halyçylar üçin has-da tolgundyryjy waka bolup, ol zenanlarymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligi döredýändiginiň dünýä ýüzündäki ykrarnamasy boldy.

Beýleki habarlar