Mynasyp goşandymyzy goşarys

4 Ýanwar 2021
1840

Ajaýyp döwrümizde halkymyz, aýratynam ýaş nesil barada edilýän aladalar hil taýdan täze derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar ýaşlaryň eşretli döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk okap, bilim-terbiýe almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, ata Watanymyzy jany-teni bilen söýýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin durmuşa geçirýän işleri bimöçberdir. Ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Belent wezipä hötde gelmekde hemme şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän beýik işleri bizi mundan beýlägem döredijilikli, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşmak üçin mundan beýlägem yhlas-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Mähri DURDYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar