Parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga gönükdirilen hyzmatdaşlyk

1 gün öň
14

Taryhy ösüşleriň gazanylýan zamanasynda dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlyga beslenip, halkymyzyň köküni asyrlardan alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Muny berkarar ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy wakalar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dost-doganlyk däplerine esaslanmak we halklaryň bähbidinden ugur almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze sahypalaryny açýar. Esasynda dost-doganlyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri bolan gatnaşyklaryň halklaryň dostlaşmagyna hem-de ýurtlaryň gülläp ösmegine şert döredýändigini belläp geçmek gerek. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş, «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary taryhy wakalaryň hataryny artdyrdy. Goňşy halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyran taryhy dabaralara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň gatnaşmagy iri taslamalaryň iki halkyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly orna eýedigini görkezýär.

Bilşimiz ýaly, geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşen ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde tutumly işleri alyp barýar. Dünýä ykdysadyýetini giň gerimde ösdürmäge hem-de haryt dolanyşygyny artdyrmaga, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýän ulag-kommunikasiýa we energetika ugurlaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara ugrunyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär». Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika degişli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň dünýäde we sebitde ileri tutulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we giňeltmekde tagallalaryny gaýgyrmaýandygyny hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşiniň hatyrasyna uly işleri alyp barýandygyny aýdyň görkezýär.

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar