Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

15 Sentýabr 2024
19

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 37 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Özbegistandan, Pakistandan, Owganystandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, awiakerosini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 76 million 375 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar