Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýokarlanýar

15 Sentýabr 2024
20

Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary ýurtlaryň gümrük edaralary, şeýle hem dürli halkara guramalar bilen özara hereketi işjeňleşdirýär. Muňa mysal hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygy aýdyp bileris. Türkmenistan BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä Gümrük Guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasyna» 2013-nji ýylda resmi taýdan goşuldy. Bu Maksatnamanyň çygrynda Aşgabat şäherindäki Merkezi gümrük terminalynda, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunda, Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda Port gözegçilik toparlary döredildi. Maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän okuw çäreleri örän netijeli geçip, onda gümrük işgärleri konteýnerlerde ýaşyryn geçirmäge synanyşylýan gadagan harytlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça gazanylan öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygy ýokary derejede geçirildi.

Perhat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar