Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

15 Sentýabr 2024
10

13-nji sentýabrda TDIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. UNODC-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň tapgyrlarynyň çäklerinde bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň we Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaran KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar