9 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaç önümlerini eksport etdi

15 Sentýabr 2024
12

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Hytaý agajyň we agaçdan ýasalan önümleriň 9 milliard amerikan dollarlygyny eksport edip, bu ugurda dünýäniň lideri boldy diýip, «myfin.by» portaly habar berýär.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, sanawda ikinji orun şu ýylyň birinji ýarymynda 7,1 milliard amerikan dollarlyk agajy we agaçdan ýasalan önümleri eksport eden Kanada degişli. Hasabat döwründe üçünji ýerdäki ABŞ-nyň bu ugurdaky eksporty
5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Germaniýanyň (4,7 milliard amerikan dollary) hem-de Şwesiýanyň (2,1 milliard amerikan dollary) ady bar.

Taýýarlan: Jemal ÝUSUPOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar