4,5 göterim ýokarlandy

15 Sentýabr 2024
12

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkiýäniň eksport eden oba hojalyk önümleriniň umumy bahasy 23 milliard 176 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,5 göterim ýokarydyr. «EastFruit» portalynyň habar bermegine görä, geçen aýda Türkiýe umumy bahasy 2 milliard 863 million amerikan dollaryna barabar oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara iberipdir. Bu bolsa geçen ýylyň awgust aýyndaky görkezijiden 2,2 göterim köpdür.

Ýeri gelen bellesek, soňky 12 aýyň dowamynda Türkiýäniň oba hojalyk eksportynyň umumy bahasy 36 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Taýýarlan: Gunça HALLYÝEWA, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar