«PepsiCo» Gazagystanda zawod gurmak üçin 160 million amerikan dollar maýa goýar

15 Sentýabr 2024
12

«PepsiCo» kompaniýasy Gazagystanda ýeralmadan çipsi öndürýän täze zawod gurmak üçin, 160 million amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazakh Invest» habar berýär.

Täze zawod ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Onuň birinji tapgyryny 2026-njy ýylda ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty birinji tapgyrda 14 — 16 müň tonna çipsi öndürmäge ukyply bolar. Soňra bu görkeziji 21 müň tonna çenli artdyrylar.

Taýýarlan: Meýlis NURYÝEW, TDBGI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar