Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

15 Sentýabr 2024
13

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda TDIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň, YHG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklara we syýasy-diplomatik ugur boýunça
amala aşyrylýan hyzmatdaşlyga hem garaldy.

Taýýarlan: Saparguly KENANOW, TDBGI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar