Ýakyn goňşy bilen uzak geljege

14 Sentýabr 2024
59

aýgytly gadamlar, döwletli tutumlar

Gijaralar Mary şäheriniň demir ýol menzilinden ugraýşyna, bütin gijäni öňüne salyp ýol külterlän otly daň saz berende, ýurduň iň günorta künjegine — Serhetabada baryp ýetdi. Güýz säheri, hoştap howa göwnüňi göterýär. Dogup gelýän Günüň tylla çyrazlary bolsa bu senäni taryha sap altyndan ýazmaga howlugýan ýalydy göýä. Ýörite niýetlenen ulaglara münüp, belentli-pesli baýyrlaryň arasy bilen ýüzümizi günorta-gündogara tutup barşymyza, bir sagat çemesi wagt geçiberensoň, «Islim-Çeşme» serhet nokadynda ýörite gurnalan dabara merkezi göze ildi. Hatar-hatar ak öýler, bedew ata atlanyp, ellerinde ýaşyl tugumyzy pasyrdadyp barýan ýigitler, gyzan Gündogar bazary, ellerine «Ýaşasyn türkmen-owgan dostlugy!», «Arkadagyň ak ýoly — röwşen geljegiň ýoly», «Hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk» ýaly şygarlaryň haşamly ýazgylaryny göterip, myhmanlary mübärekleýän ýaşlar giň sährany toýa besläpdir...

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat.
Beýleki habarlar