Şota Rustaweliniň watanynda dana Pyraga sarpa

14 Sentýabr 2024
38

Her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň beýik ogullarynyň biri Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hem bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen, bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Çünki dana Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen halklary agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr. Şu ýyl bolsa söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip, ýakyn-u-alys ýurtlarda dürli mazmunly çäreler geçirilýär, şahyryň şygyrlary onlarça dile terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Öňňin Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmak maksady bilen guralan dabara-da munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Gruziýanyň Parlamentiniň, Daşary işler, Medeniýet we sport, Bilim, ylym we ýaşlar, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, dostlukly ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, Milli ylymlar akademiýasynyň, Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylar döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, žurnalistler gatnaşdylar. Şunda oňa gatnaşmak üçin ylmy jemgyýetçiligiň wekillerinden, medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat türkmen wekiliýetiniň Tbiliside iş saparynda bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Çäräniň dowamynda çykyşlara giň orun berildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar