Koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

14 Sentýabr 2024
65

Düýn paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan koreý dilini öwrenýän okuwçylara okuw gollanmalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugur boýunça has-da pugtalandyrylýandygynyň hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Aşgabatdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdep bolsa ýurdumyz boýunça okuwçylara koreý dilini öwredýän ýeke-täk döwlet bilim ojagydyr.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TURŞEKOW.
Beýleki habarlar