Dostluk. Deňhukuklylyk. Ynanyşmak

13 Sentýabr 2024
27

Türkmenistan bilen Malaýziýany deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Nebitgaz pudagy Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy bellenildi. Kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň taslamalaryna gatnaşýar. Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar